Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň gatnaşmagyndaky maýa goýum konsorsiumy Angliýanyň «Liwerpul» futbol klubunyň, takmynan, 30%-e barabar minoritar paýyny satyn aldy. Baglaşylan geleşik barada klubuň resmi saýtynda habar berildi. Satyjy hökmünde 2010-njy ýyldan bäri kluba eýelik edýän Fenway Sports Group (FSG) amerikan kompaniýasy çykyş etdi. Alyjy bolsa britan-hindi telekeçisi Amit Bhatiýanyň ýolbaşçylygyndaky 1892 Holdings düzümi boldy. Jeff Bezos bu ýerde K5 Sports gaznasy arkaly iň uly maýa goýujylaryň biri hökmünde gatnaşdy. The Guardian neşiriniň maglumatyna laýyklykda, satylan paýyň bahasy $2,2 milliarda deň. Bu geleşikden soň tutuş «Liwerpul» klubuna umuman $7,4 milliard baha kesildi. Dürli çeşmelerde aýdylmagyna görä, şertnamanyň düzüminde konsorsium üçin geljekki 12 aýyň dowamynda klubuň esasy eýesine öwrülmek mümkinçiligini berýän hukuk meýli (opsion) göz öňünde tutulypdyr. Eger klubuň häzirki eýesi FSG ony doly satmak kararyna gelse, bu konsorsium uly paýy almakda ilkinji hatarda durar. Ýöne häzirki wagtda klubuň gündelik iş dolandyryşy ýene-de FSG toparynda galýar.