Bloomberg-iň habar bermegine görä, Hytaýyň Alibaba Group ägirdiniň açyk emeli aň modelleri soňky alty aýyň içinde 3 milliardan hem köp gezek ýüklenildi. Kompaniýa hem günbatar, hem hytaýly bäsdeşlerini ep-esli yza galdyryp, uly aratapawut bilen bu görkeziji boýunça dünýäde lideri boldy. Hugging Face platformasy tarapyndan çap edilen maglumatlar Hytaý korporasiýasynyň öňdebaryjy amerikan işläp düzüjilerinden näderejede öňe geçendigini görkezýär. Deňeşdirmek üçin: Google-yň açyk EA-modelleri 2026-njy ýylda jemi 418 million gezek, OpenAI kompaniýasynyňkylar 329 million gezek, amerikan liderleriniň üçlügini jemleýän Meta kompaniýasynyň EA-modelleri bolsa 227 million gezek ýüklenildi. Alibaba-nyň üstünliginiň esasy özeni hökmünde häzirki wagtda 460-dan gowrak açyk modeli öz içine alýan Qwen ulgamy çykyş edýär. Kompaniýanyň öz berýän maglumatlarynda Qwen-iň töwereginde giň gerimli ählumumy ekoulgamyň emele gelendigi aýdylýar. Onuň çäginde işläp düzüjiler eýýäm 300 müňden gowrak önüm döretdiler. Günbataryň öz emeli aň hyzmatlaryny gizlin we ýapyk saklaýan köp sanly kompaniýalaryndan tapawutlykda, Hytaýyň tehnologiýa ägirtleri öz modellerini köpçülige açyk hödürleýärler. Bu taýyn modelleri mugt ýükläp alyp, her kim öz biznes wezipelerine görä üýtgedip bilýär we olary täze goşundylary döretmek üçin ygtybarly binýat hökmünde ulanýar. Analitikleriň bellemegine görä, ýüklenme sany bütin dünýäde programmistleriniň haýsy tehnologiýany saýlaýandygyny görkezýän iň esasy görkezijidir.