Louis Vuitton moda brendi we Kaliforniýanyň Singer atelýesi nusgawy Porsche 911-iň (964-nji nesli) binýadynda iki sany kaşaň sportkar hödürledi. Bu fransuz moda öýüniň awtomobil senagatyndaky ilkinji hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Ulaglaryň biri — gök we sary reňkli nagyşlary bolan zagpyran reňkli «Porsche 911 Reimagined by Singer — Classic» atly kupe. Beýlekisi bolsa ak «Calcaire Lutetien» reňkli «Classic Turbo» kabrioleti. Onuň dizaýny Louis Vuitton brendiniň zenanlar kolleksiýalarynyň döredijilik müdiri Nikolýa Žeskýer tarapyndan işlenip düzüldi. Iki awtomobiliň hem oturgyçlary we içerki bezegleri doly täzeden işlenildi. Salonyň bezeg işlerine Singeriň, Louis Vuitton-yň deri önümleri bölüminiň we şweýsar sagat öndürijisi «La Fabrique du Temps» kompaniýasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Merkezi konsola we enjamlar paneline Louis Vuitton Tambour stiliniň äheňindäki aýrylyp-dakylýan mehaniki sagatlar oturdyldy. Enjamlar paneli hem şol stilde ýerine ýetirildi. Plastik düwmeler we howa sowadyjy penjireler rodiý örtükli metal bölekleri bilen çalşyryldy, oturgyçlar we gapdal obşiwkalar bolsa özboluşly nagyşly tebigy deriden ýasaldy. Kabriolet agaçdan we laklanan tik daragtyndan ýasalan dizaýn bölekleri bilen bezeldi. Bu awtomobiller üçin Louis Vuitton ýörite goşmaça çemodanlary, dürli aksessuarlary, şeýle hem ýörite berkidijileri bolan sýorfbordy we lyžalary taýýarlady. Kupe 390 at güýjüne eýe bolan 4,0 litrlik atmosferaly oppozit hereketlendiriji we 6 basgançakly mehaniki tizlik gutusy bilen enjamlaşdyryldy. «Classic Turbo» modelinde bolsa 510 at güýjündäki, iki sany turbokompressorly 3,8 litrlik oppozit motor oturdylar. Onuňam 6 basgançakly mehanikasy bar. Iki modeliňem yzky tigri herekete getirilýär. Awtomobilleriň bahasy mälim edilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir