Dünýäde ýaşlaryň arasyndaky işsizlik derejesi 2025-nji ýylda 12,4% çenli artdy. Halkara zähmet guramasynyň (HZG) täze hasabatyna görä, häzirki wagtda 15-24 ýaş aralygyndaky 67 million töweregi adam işsiz galýar. «Ýaşlaryň iş üpjünçiligindäki global tendensiýalar 2026: geljege dolanmak» atly hasabat 2023–2025-nji ýyllar aralygyndaky ýagdaýy aýdyň görkezýär. Resminama görä, dünýäniň 11 kiçi sebitiniň sekizisinde işsiz ýaşlaryň sany artdy. Muňa ykdysady ösüşiň haýallamagy, täze iş orunlarynyň az döredilmegi, geosyýasy dartgynlylyk we çalt tehnologik özgerişler täsir edýär. «Mynasyp iş tapyp bilmeýän nesil ynam bilen öz geljegini gurup bilmez — diýip, HZG-niň baş direktory Žilber Ungbo aýdýar. — Ýaşlara gowy iş tapdyrmasa, ýurtlar zehinli adamlaryny, öndürijiligi we jemgyýetçilikdäki agzybirligi ýitirýär. Ýaşlar üçin mynasyp iş orunlaryny döretmek diňe bir sosial zerurlyk däl-de, eýsem ýurduň edip biljek iň paýhasly maýa goýumlarynyň biridir». Işsizligiň artmagy ýokary girdejili ýurtlarda has beter göze ilýär. Demirgazyk Amerikada görkeziji 2023-nji ýyldaky 8,3%-den 2025-nji ýylda 9,8%-e çenli artdy. Demirgazyk, Günorta we Günbatar Ýewropada ol 15%-e deň boldy. Bu sebitiň 29 ýurdunyň 20-sinde işe ýerleşmek mümkinçilikleri peseldi. Gündogar Ýewropada bolsa, tersine, ýaşlaryň arasyndaky işsizlik 1,6% azaldy. Ösüp barýan ýurtlarda mesele başgaça. Pes işsizligiň aňyrsynda, köplenç, durnuksyz iş üpjünçiligi gizlenýär. Pes we orta derejeden pes girdejili ýurtlarda 15 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky zähmet çekýän ýaşlaryň tas ondan dokuzysy resmi däl pudakda gazanç edýär. Ýaşlaryň arasyndaky işsizligiň iň ýokary görkezijileri arap döwletlerinde (26,2%) we Demirgazyk Afrikada (22,6%) hasaba alyndy. Hasabatda emeli aňa aýratyn üns berildi. HZG-niň çaklamalaryna görä, 15 ýaşdan 29 ýaşa çenli adamlaryň eýeleýän iş orunlarynyň 6,1%-i emeli aň bilen baglanyşykly üýtgeşmelere sezewar bolýar. «Emeli aňyň töweregindäki gyzyklanma artýar — diýip, HZG-niň Zähmet, başarnyklar we durnukly telekeçilik departamentiniň direktory Sukti Dasgupta düşündirýär. — Iş orunlaryna gönüden-göni täsiri häzirlikçe näbelli bolup galsa-da, biz alada etmäge sebäp ýok hasap etmeli däl, töwekgelçiliklere biparh garasak ýalňyşarys. Tehnologik ösüş, şol sanda emeli aňyň ösüşi ýaşlaryň zyýanyna däl-de, olaryň bähbitlerine işlemelidir». HZG ýaşlaryň üýtgeýän zähmet bazaryna uýgunlaşmagyna kömek etmäge we diňe bir iş üpjünçiligini däl, eýsem durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de hünär taýdan ösmek mümkinçiliklerini üpjün edýän iş orunlaryny döretmäge çagyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir