ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň ýaşaýjysy üýtgeşik inženerlik taslamasynyň netijesini köpçülige görkezdi. Ol nusgawy italýan superkary Lamborghini Countach-yň kuzowyny 1995-nji ýylda öndürilen Jeep Wrangler ýolsuzlyk ulagynyň şassisi bilen birleşdirmegi başardy. Iki ulagyň ölçegleriniň biri-birine gabat gelmegi bu pikiri amala aşyrmagy has-da aňsatlaşdyrdy, awtomobiliň binýadyna düýpli üýtgeşme girizmegiň zerurlygy bolmady. Işiniň dowamynda inžener ulagyň gurluşyny mazaly özgertdi. Maşynyň beýikligini peseltmek üçin Wrangler-iň zawod tarapyndan goýlan turbaly üçegi kesilip aýryldy. Countach-yň öň tarapynda bolsa Jeep-iň howa sowujy gözenegi we ony goraýan metal karkasy ýerleşdirildi. Awtomobiliň arka tarapynda bolsa inžener Wrangler-iň hakyky yzky çyralaryny oturtdy. Daýaw superkara elde çekilen grafiki suratly çägesöw reňk gowy gelişdi. Ýük goýmaga ýer boşatmak üçin hereketlendirijini ulagyň yz tarapyndan öňe geçirildi. Inženeriň taslamasynyň üstünde entegem işlemegi dowam edýändigi sebäpli, geljekde bu ulaga ýene täze üýtgeşmeleriň giriziläýmegi-de juda ähtimal.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir