Liftiň deregine yzygiderli basgançakdan ýokary galmak ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak töwekgelçiligini ep-esli azaldýar. Angliýanyň Gündogar uniwersitetiniň hem-de Norfolk we Norwiç uniwersitet keselhanasynyň alymlary 480 müňden gowrak adamyň maglumatlaryny seljerip, şeýle netijä geldiler. Bu barada Euronews habar berýär. ​Ylmy barlaglara görä, ýygy-ýygydan basgançakdan ýokary galýan adamlar, ony seýrek ulanýanlar bilen deňeşdirilende, ýürek-damar kesellerine 39%, başga sebäpli ölüm howpuna bolsa 24% duçar bolýarlar. Şeýle hem olarda infarkt, insult we ýürek ýetmezçiligi ýaly çynlakaý keselleriň öňüni almak ähtimallygy has ýokarydyr. ​Gündogar Angliýa uniwersitetiniň Norwiç lukmançylyk mekdebinden Wasilios Wasiliunyň bellemegine görä, basgançakdan ýöremek — gündelik durmuşyňa fiziki işjeňligi goşmagyň örän amatly we köplenç ünsden düşürilýän usulydyr. Alymlar jemi 9 sany ylmy barlagyň maglumatlaryny seljerdiler. Oňa gatnaşan 35-84 ýaş aralygyndaky adamlara ortaça 14 ýylyň dowamynda syn edildi. Şol lukmançylyk mekdebiniň hünärmeni Sofi Peddok bolsa bu ýagdaýy şeýle teswirleýär: «Türgenleşik zallaryna gatnamakdan tapawutlylykda, basgançakdan galmagy öýde, işde ýa-da köçede, gündelik hysyrdalaryň arasynda hem ýerine ýetirip, hemişelik endige öwrüp bolýar. Bu usul wagty az ýa-da sport bilen meşgullanmaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar üçin örän amatly çykalgadyr. Şonuň üçinem saýlamaly bolsaňyz, lifti däl-de, basgançagy saýlaň. Şeýtmek bilen, ýüregiňize uly ýardam edersiňiz». Gözlegler hatda hepdede birnäçe gezek we bary-ýogy birnäçe minut basgançakdan ýokary galmagyň hem ýürek-damar we dem alyş ulgamyna oňyn täsir edýändigini, holesteriniň derejesini peseldýändigini görkezdi. «Geçirilen ylmy barlaglaryň käbiri adamyň basgançakdan näçe köp ýöredigiçe, onuň saglyga berýän peýdasynyň hem şonça ýokarlanýandygyny subut etdi. Has takygy, hatda ujypsyzja üýtgeşmelerem göze iler derejede oňyn netije berýär» diýip, Peddok sözüniň üstüni ýetirdi. Täze ylmy maglumatlar Ýewropa kardiologlar jemgyýetiniň ylmy maslahatynda ilkinji gezek köpçülige hödürlendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir