Filadelfiýada (ABŞ) UFC 330 ýaryşy tamamlandy. Esasy tutluşykda russiýaly söweşiji Islam Mahaçew irlandiýaly Ien «Maçado» Gerrini eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňip, ýarym orta agramda UFC-niň çempionlyk titulyny üstünlikli gorady. Islam özüniň göreş tejribesi tutluşygy ynamly geçirdi. Ikinji raundda ol garşydaşynyň kellesine aýagy bilen depip (haý-kik) seňseletdi. Irlandiýaly söweşiji tiz aýaga galmagy başardy, ondan soňky raundlarda bolsa has seresap hereket etdi, Islama garşy aýak urgulary bilen hüjüm etmäge synanyşdy, ýöne barybir ýeňildi. Mahaçew üçin bu tutluşyk ýeňil agramdan ýarym orta agrama geçenden soňky ilkinji titul goragy boldy. Onuň yzygiderli gazanan ýeňişleriniň sany indi 17-ä ýetdi — bu bolsa UFC-niň täze rekordydyr. Russiýaly türgen 2006-njy ýylyň iýunyndan 2012-nji ýylyň oktýabryna çenli yzygiderli 16 tutluşykda ýeňiş gazanan rowaýaty Anderson Silwanyň rekordyny täzelemegi başardy. Şol döwürde braziliýaly söweşiji orta agramda titulyny 10 gezek üstünlikli gorapdy. Bu duşuşykdan soň Mahaçewiň hasabynda 29 ýeňiş bilen bir ýeňliş bar. Ol Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşyndaky öňki söweşinde awstraliýaly Jek Della Maddalenadan üstün çykypdy. Ondan öň bolsa Mahaçew ýeňil agramda çykyş edip, 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýyla çenli UFC-niň çempiony titulyny saklady we ony dört gezek gorady. Ien Gerriniň MMA-da indi 17 ýeňşi we iki ýeňlişi bar. Ýaryşyň beýleki esasy söweşinde iň ýeňil agramda çempion, amerikaly Makkenzi Dern reýtingiň bäşinji belgili söweşijisi, kanadaly Jillian Robertsona garşy uruşda titulyny gorady. Dern eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňiş gazandy. Filadelfiýada geçirilen UFC 330 ýaryşynyň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri: Esasy kard: Jalin Törner Kaue Fernandesi 1-nji raundda nokaut bilen ýeňdi. Dastin Stolsfus Mansur Abdul-Maliki 2-nji raundda arkasyndan demikdiriji emel bilen ýeňdi. Esteban Ribowiç Edson Barbozany 2-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Deslapky kard (Preliminary Card): Çidi Nžokuani Hoel Alwaresi eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi. Çarlz Jonson Eduard Şapolini 3-nji raundda agyryly emel («Şotland twisteri») bilen ýeňdi. Donte Jonson Erik Makkonikony 1-nji raundda nokaut bilen ýeňdi. Treşon Gor Wisente Lukeni eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi. Has irki söweşler: Lukas Fernando Rafael Tobiasy 3-nji raundda tehniki nokaut (göwrä dyz urgusy) bilen ýeňdi. Nil Magni Ramiz Brahimaýy 2-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Jeremaýýa Wells Myktybek Orolbaýy 3-nji raundda demikdiriji emel (gilýotina) bilen ýeňdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir