Ispaniýanyň Penýaranda-de-Duero şäherindäki XVI asyra degişli Palacio de Avellaneda köşgi üç ýyla çeken abatlaýyş işlerinden soň bäş ýyldyzly myhmanhana öwrüldi. Castilla Termal myhmanhanalar ulgamyna giren desga özüniň taryhy binagärlik keşbini saklap galdy. Onda 80 otag, döwrebap şertler we termal (ýyly suwly) bejergi proseduralary hödürlenýär. Sentýabr aýynda bu ýerde ýaşamak üçin tölegiň möçberi bir gije-gündiz üçin 314,60 ýewrodan başlaýar. Adaty we lýuks otaglar köşgüň binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bezeldi. Meselem, bir otagly ýarym lýukslaryň (junior suite) aýratyn dynç alyş zolagy bar, onuň penjiresinden Plaza de los Duques de Miranda meýdançasyna görnüş açylýar. Lýuks otaglarynyň (suite) içi has giň, onuň hem penjireleri göni şol meýdança bakyp dur. Köşk XVI asyrda Sunýiga we Awelýanedalaryň maşgalasy tarapyndan gurlupdyr. 1923-nji ýylda bina taryhy ýadygärlik hökmünde ykrar edildi, 1940-njy ýylda bolsa döwlet eýeçiligine geçdi. ​Myhmanhanada Galkynyş döwrüniň stilinde gurlan sütünli köne binagärlik gümmezleriniň astynda ýerleşýän Los Zúñiga restorany işleýär. Onuň menýusynda möwsümleýin ýerli önümlerden taýýarlanan tagamlar, beýi marmelady we guradylan miweleriň gapdaly bilen hödürlenýän peýnirler, balykly we etli tagamlar, işdäaçarlar hem-de süýjülikler bar. Bahym bu ýerde Condes de Miranda gastrobarynyň hem açylmagyna garaşylýar. Köşgüň suwlary ýerli häkimiýetler tarapyndan resmi taýdan oligometally mineral, bejeriji ýyly suw hökmünde ykrar edildi. Olaryň esasynda myhmanhanada saglygy berkitmäge niýetlenen bejergiler geçirilýär, ýakyn wagtda bolsa ýyly suwly howuz we dürli temperaturaly suw zolagyny açmak meýilleşdirilýär Myhmanhana ýany itli gelen myhmanlary hem kabul edýär. Öňünden sargyt edilse, otagda bir öý haýwanyny saklamaga rugsat berilýär. Haýwanlar üçin hatda aýratyn ýatak, gezdirmek üçin meýdança we ördek, towuk hem-de goýun etinden taýýarlanan ýörite tagamlar göz öňünde tutulan.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir