BMW kompaniýasy Kith egin-eşik brendi bilen hyzmatdaşlygyny täzeden dikeldýär. Brendler bilelikde Chapter IV (Dördünji bap) atly täze geýim we öý harytlary toplumyny hödürlärler. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Täze toplum meşhur aerikan köçe geýim (streetwear) brendiniň döredilenine 15 ýyl dolmagyna bagyşlanýar. Toplumyň dizaýny BMW-niň taryhy modelleri bilen reňk utgaşmasyndan ylham alnyp taýýarlandy. Eşiklerde we aksessuarlarda meşhur E30 M3 modeliniň Cinnabar Red, seýrek duş gelýän Techno Violet we açyk Inka Orange reňkleri, şeýle hem Kith üçin ýörite döredilen Vitality Green reňki ulanyldy. Täze dikeldilen gran-turizmo (GT) kysymly awtomobiller hem edil şu reňklerde öndürildi. Bu bolsa modanyň we awtomobil dünýäsiniň özara sazlaşygyny aýdyň görkezýär. Täze tapgyra daşky we sport eşikleri, deri önümleri hem-de awtomobil aksessuarlarynyň dürli görnüşleri girdi. Kolleksiýanyň esasy tapawutlanýan zatlarynyň biri hem, Avirex brendi bilen bilelikde döredilen köp gatly deri kurtka boldy. Şeýle-de Braun we Dewitt deri motosiklet kurtkalary, ýadygärlik modeller we gündelik sport geýimleri hem köpüň ünsüni çekýär. Bellemeli ýeri, bu brendler 2024-nji ýylda hem bilelikde kolleksiýa çykarypdylar. Şonda ikisiniňem haryt nyşany astynda 100-e golaý önüm hödürlenipdi.