Disney kompaniýasy D23 tanyşdyrylyş çäresiniň çäginde janköýerlerini iki täzelik bilen begendirdi. Studiýa «Haýwanlar şäheri 3» (Zootopia 3) multfilmini resmi taýdan anons etdi, şeýle hem «Doňan ýürek» multfilminiň üçünji bölüminiň ilkinji promo-suratlaryny hem-de kadrlaryny hödürledi. «Haýwanlar şäheri 3» multfilminiň sýužeti barada entek kän maglumat ýok. Tanyşdyrylyşda multfilmiň logotipi görkezildi, onda üçünji bölümde guşlaryň peýda boljakdygyna yşarat bar. Režissýor Jared Buş ozal täze bölümiň üstünde işlenip başlanandygyny aýdyp, geljekki hekaýaty guşlar bilen baglanyşdyrypdy. Muny ikinji bölümiň titrlerinden soňky sahnadan hem aňyp bolýar. «Haýwanlar şäheriniň» esasy aktýorlar düzümi öz rollaryna gaýdyp geler, olaryň arasynda Gari Ýylana ses beren Ke Hýui Kuan hem bar. «Haýwanlar şäheri 2» dünýä prokatynda 1,866 milliard dollardan gowrak ýygnap, taryhda iň köp girdeji getiren animasion film boldy. Üçünji bölümiň çykjak güni häzirlikçe yglan edilmedi. «Doňan ýürek 3» filminiň ilkinji suratlarynda Elzanyň, Annanyň, Olafyň we beýleki gahrymanlaryň täzelenen keşpleri görkezildi. Sýužet boýunça, Anna Erendellde toýa taýýarlanýar we Elza bilen bilelikde täze jadyly syýahata ugraýar. Hödürlenen beýleki bir beýanatda Elzanyň öz güýjüniň syryny açmak üçin Jadylanan tokaýdan daşary gitmeli boljakdygy aýdylýar. Rollaryna Idina Menzel, Kristen Bell, Jonatan Groff we Joş Ged gaýdyp geler, olar Elza, Anna, Kristofa we Olafa ses berer. Ssenarini Jennifer Li ýazdy. Ozal Jennifer Li «Doňan ýürek» multfilminiň dördünji bölümini döretmek mümkinçiligini hem aradan aýyrmady we hekaýatyň giň göwrümli bolandygy sebäpli ony iki filme bölmek kararyna gelendiklerini belledi. Multfilmiň dünýä premýerasy 2027-nji ýylyň 24-nji noýabryna meýilleşdirildi.