Bäşinji ITTC 2026 halkara logistika forumy we sergisi 24-26-njy noýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Duşuşygyň esasy temasy halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, logistikany we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bolar. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş» diýlip atlandyrylan forum «Talwas ýoly» ÝGPJ we «OGUZ Forum & Expo» tarapyndan Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň hem-de ýurduň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda guralýar. Maksatnamanyň merkezinde Orta geçelgäni we Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ugurlary ösdürmek, sanly logistika, ulag infrastrukturasyna maýa goýumlar, awiasiýa ýük daşamalary we durnukly ulag çözgütleri bolar. Guramaçylar 25-den gowrak ýurtdan 500-den gowrak wekiliň, 1000-den gowrak hünärmeniň we 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşýar. Gatnaşyjylar B2B we B2G görnüşinde işjeň duşuşyklary geçirmäge, ulag hem-de logistika çözgütlerini hödürlemäge we halkara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik alar. ITTC 2026-nyň çäginde kompaniýalaryň ulag pudagy üçin tehnologiýalary we işläp taýýýarlamalary bilen tanyşdyrjak sergi hem geçiriler. Foruma we sergä gatnaşmak isleýänler eýýäm hasaba alnyp başlanyldy. Goşmaça maglumat almak üçin: Tel.: +993 61 480080 Saýt: ittc-tm.com