Şwesiýanyň Heart Aerospace kompaniýasy diňe elektrik energiýasy bilen işleýän X1 uçaryny ilkinji gezek asmana göterdi. Synag uçuşy 27 minut dowam etdi, muňa sarp edilen elektrik energiýasynyň çykdajysy 5 dollara-da ýetmedi, diýip, Engadget neşiri habar berýär. Uçary döreden inženerleriň ýaňzytmagyna görä, X1 dünýädäki iň uly elektrik uçardyr. Ol Nýu-Ýork ştatyndaky Plattsburg halkara howa menzilinden uçup, takmynan 335 metr beýiklige galdy. Tutuş synag uçuşynyň dowamynda, şol sanda ýokary göterilende we gondurylanda X1 diňe akkumulýatorlarynyň energiýasyny ulandy. Indiki tapgyrda kompaniýa 30 ýolagçyny sygdyrjak, sebitara gibrid uçaryny işläp düzmegi maksat edinýär. Heart Aerospace-yň hasaplamalaryna görä, ES-30 diýlip atlandyryljak şeýle uçar akkumulýatorlarda 200 kilometr, gibrid ulgamyny ulanmak arkaly bolsa, takmynan, 800 kilometr aralygy geçip biler. Kompaniýa şeýle uçarlaryň çykdajylarynyň az boljagyny diňe onda adaty awiasiýa ýangyjynyň ýoklugy bilen baglanyşdyrmaýar. Aslynda elektrik motorlaryna ideg etmek, abatlamak işleri has arzan düşýär, üstesine-de olar has uzak möhlet işleýär. ES-30 uçaryny 2031-nji ýyla çenli ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Oňa çenli uçar entek köp gezek barlap, kämilleşdirmeli bolar. Bu taslama eýýäm United Airlines we Air Canada ýaly iri awiakompaniýalarynyň ünsüni çekdi. Indi elektrik awiasiýasynyň mundan beýläkki ösüşi esasan hem öndürijileriň has ýeňil we kuwwatly akkumulýatorlary döredip bilşine bagly bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir