Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik missiýasyny tamamlamagy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Çäre Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpuslaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem türk diplomatik wekilhanasynyň hyzmatdaşlarynyň we dostlarynyň gatnaşmagynda geçdi. Kabul edişlikde çykyş etmek bilen, diplomat türkmenistanlylara myhmansöýerligi we ýurtda işlän döwründe berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol iki ýurduň ruhy hem-de medeni taýdan ýakyndygyna hem ünsi çekdi. «Her bir diplomatik gulluk öz yzyny galdyrýar, ýöne Türkmenistan meniň üçin aýratyn boldy. Çünki Türkmenistan — biziň Watanymyz. Paýtagtlarymyzyň geografik taýdan uzaklygyna garamazdan, men Türkiýäniň we Türkmenistanyň köp babatda ruhy dogandygyny mydama duýýardym. Biziň umumy taryhymyz, dilimiz, däp-dessurlarymyz we gymmatlyklarymyz diplomatiýanyň çäklerinden çykýan baglanyşygy döredýär» – diýip, Ahmet Demirok belledi. Ilçi soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gepleşikleriň şol sanda ykdysadyýet, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, medeni-ynsanperwer alyşma, bilim we halk diplomatiýasy ulgamlarynda ösendigini belledi. Diplomatyň aýtmagyna görä, Aşgabatdaky işi «ähli garaşanlaryndan ýokary boldy», doganlyk baglanyşyklaryny berkitmäge şahsy goşant goşmak mümkinçiligi bolsa onuň üçin uly mertebä öwrüldi. Ol Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde ýokary we şertsiz goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir