Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi möhleti iki aýdan bir ýarym ýyla çenli bolan okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Isleg bildirýänler täze hünäri çalt özleşdirmek hem-de has çuňňur hünär başarnyklaryny almak üçin ugurlary saýlap biler. Gysga möhletli hünärler Gysga wagtyň dowamynda möhüm başarnyklara eýe bolmak we zähmet bazaryna çykmak isleýänler üçin aşaky hünärler hödürlenýär: Arhiwçi (pudak arhiwlerinde) — 5 aý Himiki derňewiň laboranty — 5 aý Elektrik we gaz bilen kebşirleýji — 4 aý Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we telekeçiligiň esasy — 4 aý Elektromontýor (1000W çenli) — 3 aý Kassir — 3 aý Kompýuter sowatlylygynyň esaslary — 3 aý Marketing — 3 aý Menejment — 3 aý Sanly ykdysadyýetiň esaslary — 3 aý Elektron resminama dolanyşygy — 2 aý Ýyllyk okuw maksatnamalary (okuw möhleti — 1 ýyl) Birnäçe döwrebap ugurlar boýunça doly derejeli hünär almagy göz öňünde tutýan birýyllyk taýýarlyk aşaky hünärler boýunça hödürlenýär: Kompýuter grafikasynyň dizaýneri Elektromontýor Arhiwçi Resminama dolanyşygy, informasiýa we guramaçylyk işi Çuňlaşdyrylan okuw maksatnamalary (okuw möhleti — 1,5 ýyl) Ýöriteleşdirilen tehniki we ykdysady hünärleri almaga çalyşýan raýatlar üçin 1,5 ýyllyk okuw hödürlenýär: Kompýuter-maglumat serişdeleriniň tehnologiýasy Buhgalterçilik işi Himiýa önümçiliginiň tehnology Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektrosleser Elektrik enjamlaryny abatlaýjy we hyzmat ediji elektromontýor. Okuw jaýy Oguzhan köçesiniň 13-nji jaýy (öňki Aýtakow) salgysy boýunça ýerleşýär. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: 42-83-73 we 49-48-19.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir