Apple kompaniýasy çykan gününden tas dokuz ýyl geçenden soň, ýubileý iPhone X smartfonyny möhleti geçen önümleriň kategoriýasyna goşdy. Şol sanawa 2018-nji ýylyň 15 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugy hem girdi. Könelenleriň sanawyna girizilenden soň ussahanalar öndürijiden enjamyň ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt edip bilmeýär. Adatça, kompaniýa öz önümleriniň satuwy bes edilenden ýedi ýyldan gowrak wagt geçenindeň soň ony könelenleriň kategoriýasyna goşýar. Şol bir wagtyň özünde, käbir Mac kompýuterleri üçin gerekli şaýlar elde bar bolsa, satuw bes edileninden on ýyl geçensoňam batareýasyny çalşyp bolýar. iPhone X üçin programma üpjünçiliginiň soňky täzelenmesi iOS 16.7.16 boldy. 2018-nji ýylyň 15 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugy üçin bolsa soňky täzelenme macOS 15.7.7 boldy. Könelen önümleriň doly sanawy Apple kompaniýasynyň saýtynda elýeterli. Munuň bilen bir wagtda, Apple kompaniýasynyň Hytaý bazary üçin özüniň uly dil modelini işläp düzendigi barada habar peýda boldy. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, modeli döretmäge we öwretmäge Alibaba Group hem gatnaşýar. Kompaniýa ýerli bazara uýgunlaşdyrylan hususy modelini peýdalanmak bilen ýakyn aýlarda Hytaýda Apple Intelligence ulgamyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu amerikan kompaniýasyna ýurtda emeli aň ulgamyna doly gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik bermeli. Iýul aýynda Hytaýyň düzgünleşdiriji edaralary Apple kompaniýasyna ýurtda Apple Intelligence ulgamyny işe girizmäge rugsat berdi. Ozal kompaniýanyň Alibaba-dan Qwen modelini, şeýle hem Baidu kompaniýasynyň ady agzalmadyk çözgütlerini peýdalanmagy meýilleşdirýändigi barada habar berlipdi. Apple we Alibaba kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy barada 2025-nji ýylyň fewral aýynda belli boldy. Alibaba kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Jozef Saý şonda Apple-iň Hytaýdaky smartfonlarynda ýerli kompaniýanyň emeli aň ulgamlaryny ulanjakdygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir