Boeing kompaniýasy 2019-njy ýylda Efiopiýada 737 Max uçarynyň heläkçiliginde pida bolan Maýkl Raýanyň maşgalasyna 29 million dollar tölemäge borçly edildi. Şeýle karary Çikagonyň oturdaşlar kazyýeti çykardy diýip, AFP agentligi habar berýär. Irlandiýaly Maýkl Raýan BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynda inžener bolup işläpdir. Arza Raýanyň dul galan aýaly tarapyndan kazyýete berildi. Bu karar 157 adamyň ömrüni kesen şol heläkçilik bilen baglanyşykly çözülmän galan soňky raýat işleriniň biridir. Heläk bolanlaryň maşgalalarynyň köpüsi soňky ýyllarda Boeing bilen kazyýetden daşary ylalaşyk baglaşdy. Olara jemi näçe pul tölenenligi aýan edilmeýär. Heläkçilik bilen bagly beýleki işlerde hem amerikan kompaniýasyna köp millionlyk jerimeler salyndy. Ethiopian Airlines kompaniýasynyň Boeing 737 MAX 8 uçary Addis-Abebadan Naýrobä ugranyndan 7 minut soň ýere gaçdy. Uçardaky 157 adamyň (149 ýolagçy we 8 ekipaž agzasy) hiç biri diri galmady. Bu Boeing 737 Max uçarynyň ikinji heläkçiligidir. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda edil şeýle kysymly uçar Indoneziýada ýere gaçyp, 189 adamyň ölümine sebäp boldy. Iki heläkçiligiň hem derňewi Boeing-iň programma üpjünçiligindäki kemçilikleri we uçarmanlary taýýarlamakdaky säwlikleri ýüze çykardy. Şondan soň Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça agentligi Boeing 737 Max uçarlarynyň ulanylmagyny gadagan etdi. Şeýle çäklendirmeleri ABŞ, Kanada we Russiýa hem girizdi. Bu gadagançylyklar Boeing-i köp milliardlyk ýitgilere getirdi. Ýüze çykarylan kemçilikler düzedilenden soň, 2020-nji ýyldan bäri bu kysymly uçarlara girizilen çäklendirmeler aýrylyp başlandy.