«Çarli Şokolad fabrikasyna garşy» atly animasiýa filmi 2027-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Netflix platformasynda çykarylar. Şol ýylyň 5-nji noýabrynda multfilmi kinoteatrlarda hem görkezip başlarlar. Roald Dalyň meşhur ertekisi indi düýbünden täze hem-de döwrebap sýužet bilen gaýtadan janlanýar. Sony we Netflix tarapyndan taýýarlanýan täze multfilmiň aktýorlary hem mälim boldy. Willi Wonkany multfilmde Taika Waititi, Çarlini bolsa Kit Konnor seslendirýär. Taslama dünýä belli ýyldyzlar Keýt Winslet we Helena Bonem Karter hem goşuldy. Ýöne olaryň haýsy rollary ýerine ýetirjegi häzirlikçe gizlin saklanylýar. Gyzykly ýeri, Helena Bonem Karter öň, ýagny 2005-nji ýylda çykan «Çarli we şokolad fabrikasy» filminde Çarliniň ejesiniň roluny oýnapdy. Olardan başga-da, gahrymanlary seslendirmäge Nikola Koklan, Çarithra Çandran, Samson Kaýo we Kristofer Çung ýaly aktýorlar hem gatnaşar Taslama režissýor hökmünde Jared Ştern bilen Ileýn Bogan bellenildi. Multfilmiň ýordumyna görä, Willi Wonka birnäçe ýyl türmede oturandan soň özüniň şokolad fabrikasyna dolanyp gelýär.