14-nji awgustda Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Bu barada TDH habar berýär. Metjide bu ady bermek baradaky çözgüt raýatlaryň teklipleri esasynda kabul edildi we Adalat ministrligi tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy. Mundan öň, 13-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurluşygyň ikinji tapgyryndaky täze binalaryň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şonda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda gurluşygy alnyp barylýan 30 müň orunlyk metjidiň adynyň bellige alnandygy habar berlipdi. Toý sadakasy «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy we ýurduň gülläp ösmegi, halkyň agzybirligi, abadançylygy we saçaklaryň rysgal-berekede baý bolmagy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegi barada dileg etdi. Duz-tagam dadylandan soň, aýat-töwir okaldy we ýurduň abadançylygy hem-de halkyň agzybirligi barada dileg edildi. Soňra sadaka gatnaşan ýaşulular Gökdepe metjidine baryp, juma namazyny okady. Namaz wagtynda Gurhandan aýatlar okaldy we ýagşy dilegleriň, umyt-arzuwlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir