Dongfeng-iň premium subbrendi bolan Voyah kompaniýasy Passion S elektrik krossoweriniň mümkinçiliklerini görkezdi. Täze awtomobil Uhandaky synag meýdançasynyň tunelinde doly 360 gradus aýlawly halka tilsimini ýerine ýetirdi. Bu tilsim 16 ýyl ozal Mihael Şumaheriň Mercedes-Benz SLS AMG-de ýerine ýetiren meşhur mahabat wideosyna salgylanma boldy. Öndürijiniň bellemegine görä, synag üçin üstünde hiç hili işlenilmedik, gurluşyna üýtgeşmeler girizilmedik adaty tapgyrlaýyn ulag ulanyldy. Passion S tizligini 130 km/sag çenli artdyryp, 16 gradus gytak duran egri diwara çykdy. Şu pursatda awtomobile Ýeriň grawitasiýasyny ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän merkezden uzaklaşma güýji ulanyldy. Dört tigri hereketli krossower 800 woltlyk platformada 637 at güýjüne eýe bolan iki hereketlendirijili gurnama bilen enjamlaşdyryldy. Onuň aýlanma pursaty 765 Nm-e barabardyr. Passion S-iň ölçegleri 5050 × 1998 × 1656 mm, tigir bazasy bolsa üç metre deňdir. Model maý aýynda tanyşdyrylypdy. Iýun aýynda deslapky sargytlar kabul edilip başlananda öndürijä hytaý müşderilerinden bary-ýogy bir sagadyň dowamynda 10 300 sargyt gelip gowuşdy. Hytaýda resmi satuwlar 15-nji awgustda başlandy. Ulagyň iň ýokary komplektasiýasynyň bahasy 310 000 ýuana (takmynan, 46 müň dollara) deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir