15-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli çyn ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Ol bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki halkyň bähbitlerine yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de ösmegi we rowaçlygy arzuw etdi. Baýramçylyk 1945-nji ýylda Koreý ýarym adasynyň Ýaponiýanyň baknalygyndan azat edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol ýylyň 15-nji awgustynda ýurt 35 ýyllyk ýapon baknalygyndan çykdy. 1949-njy ýylda bu sene resmi taýdan milli baýram hökmünde ykrar edildi. Ýurtda bu baýramçylyga Kwanbokçol (terjimesi — «Yşygyň gaýdyp gelen güni») hem diýilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir