Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany öz hatynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we geljekki mümkinçiliklerini belledi: «Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýarys». Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistanyň Prezidentine we premýer-ministrine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 15-nji awgustynda bellenilip geçilýär. 1947-nji ýylda şol gün Hindistan Beýik Britaniýanyň baknalygyndan çykyp, özbaşdak we garaşsyz döwlet hökmünde yglan edildi. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk gününiň esasy dabaralary Nýu-Deli şäherindäki taryhy Gyzyl galada (Lal-Kila) geçirilýär. Ol ýerde ýurduň Premýer-ministri milli baýdagy galdyrýar we halka ýüzlenip çykyş edýär.