Eurovision aýdym-saz bäsleşigi 2027-nji ýylda Bolgariýanyň Burgas şäherinde geçiriler. Bu barada Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU) hem-de Bolgariýanyň Milli teleradioýaýlymy mälim etdi. Ýarym finallar 11-nji we 13-nji maýda, final tapgyry bolsa 15-nji maýda «Arena Burgas» sport-dynç alyş toplumynyň çäginde guralar. Burgas şäheri bu bäsleşigi kabul etmek hukugy ugrunda bäsleşen dört şäheriň arasyndan saýlanyp alyndy. Ondan başga-da ýaryşa eýe çykmaga Warna, Plowdiw we Sofiýa şäherleri dalaş etdi. Ýörite döredilen tоpar şäherleriň her biriniň konsert meýdançalaryna, infrastrukturasyna we ulag ýagdaýyna baha berdi. «Burgas Eurovision aýdym-saz bäsleşigine hakykatdan hem üýtgeşik bir zatlary goşup biler. Bu şäher Gara deňziň kenarynda ýerleşýän, medeni hem-de aýdym-saz ugrundan özboluşlylygyny görkezen janly hem myhmansöýer şäherdir. Bu şäherde Eurovision maşgalasyny garşylamak üçin zerur bolan infrastruktura we mümkinçilikler ýeterlik bar» - diýip, aýdym-saz bäsleşiginiň müdiri Martin Grin belledi. Şeýle hem, EBU bäsleşigi geçirmegiň düzgünlerine käbir üýtgeşmeleri girizdi. Öňden gelýän däbe laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijisi indiki ýyl ýaryşy öz ýurdunda kabul edýär. Emma täze goşmaça düzgüne görä, eger ýurtda «dartgynly geoosyýasy ýagdaý ýüze çyksa ýa-da döwletiň ýa-da sebitiň howpsuzlygyna hem-de durnuklylygyna ýaramaz täsir edýän başga ýagdaýlar emele gelse», ýaryşy başga ýurda geçirmek göz öňüne tutulýar. Täze bellenilen ýurt bäsleşigi öz adyndan kabul eder. 2027-nji ýylda Eurovision bäsleşigi 71-nji gezek guralar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir