16-njy awgustda ir bilen Filadelfiýada (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 330 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy wakasy ýarym orta agram (77 kg çenli) derejesindäki köpden bäri garaşylýan söweş bolar: russiýaly Islam Mahaçew irlandiýaly Ien Gerrä garşy uruşda çempionlyk guşagyny gorar. Ýaryşy göni ýaýlymda «Матч ТВ» we «Матч Боец» teleýaýlymlary, şeýle hem UFC Fight Pass resmi hyzmaty görkezer. Türgenleriň Aşgabat wagty bilen sagat 8:00 töweregi oktagona çykmagyna garaşylýar. 34 ýaşly Islam Mahaçew üçin bu urşuň taryhy nukdaýnazardan ähmiýeti uly. Onuň hasabynda häzir 28 ýeňiş we ýekeje ýeňliş bar. Ýatlap geçsek, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda russiýaly söweşiji özi üçin täze agram derejesine çykyp, awstraliýaly Jek Della Maddalenany ýeňdi we ýarym orta agramda çempionlyk titulyny gazandy (ozal Mahaçew ýeňil agramda guşagyny dört gezek üstünlikli gorapdy). Eger Islam Gerriden üstün çyksa, UFC-de yzygiderli 17-nji ýeňşini gazanyp, bu görkeziji boýunça Anderson Silwadan öňe geçer we promouşeniň ýeke-täk rekord eýesi bolar. Guşaga dalaş edýän 28 ýaşly irlandiýaly Ien Gerriniň hasabynda 17 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Ol Karlos Pratesi hem-de diwizionyň öňki çempiony Belal Muhammady ýeňmeginiň netijesinde bu titul söweşine ýollanma gazandy. Sport analitikleri we bukmekerler häzirki çempiony faworit hasaplaýar. Agşamyň ýene bir esasy wakasynda tomaşaçylar zenanlaryň arasynda iň ýeňil agramda (52 kg çenli) titul söweşini görer: amerikaly Makkenzi Dern öz guşagyny kanadaly Jillian Robertsondan gorar. Deslapky söweşler irden sagat 4:00, esasy kard bolsa sagat 6:00 töweregi başlar. Esasy kard: Islam Mahaçew — Ien Gerri; Makkenzi Dern — Jillian Robertson; Çarlz Jonson — Hose Oçoa; Mansur Abdul-Malik — Dastin Ştolsfus; Edson Barboza — Esteban Ribowiç. Deslapky kard: Çidi Njokuani — Hoel Alwares; Jalin Törner — Kaue Fernandes; Donte Jonson — Erik Makkoniko; Wisente Luke — Trişon Gor; Rafael Tobias — Lukas Fernando; Nil Magni — Ramiz Brahimaý; Myktybek Orolbaý — Jeremaýýa Wells.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir