Florida Halkara uniwersitetiniň we Jorj Meýson uniwersitetiniň alymlary Maýami-Deýd etrabynda tas 400 müň okuwçynyň ýetişigini 20 ýylyň dowamynda gözegçilikde saklady. Ahyrsoňy olaryň gelen netijesi şeýle: mekdepden öňki alýan biliminiň hili çaganyň soňraky tutuş okuw ýyllarynyň dowamynda näderejede gowy okajagyny kesgitleýär. Barlagçylar dört ýaşynda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän mugt Voluntary Prekindergarten maksatnamasyna gatnaşan çagalary adaty çagalar bagyna gatnaýan ýa-da öýde galýan çagalar bilen deňeşdirdiler. Mekdebe taýýarlyk synpyny gutaran çagalar soňam yzygiderli ýokary bahalary alýardylar we synaglarda has gowy netijeleri gazanýardylar. Bu barlagyň netijeleri Early Childhood Research Quarterly žurnalynda çap edildi. Alymlaryň pikiriçe, bu ýerde mugallymlaryň hünär derejesi möhüm rol oýnaýar. Mekdebe çenli taýýarlyk toparçalarynda terbiýeçilerden ýöriteleşdirilen ýokary bilim talap edilýär, şol bir wagtyň özünde adaty çagalar baglarynyň işgärlerine bildirilýän talaplar has pes. Mundan başga-da, çagalar ir ýaşdan mekdebiň gün tertibine we tertip-düzgünine öwrenişdiler. «Biziň alan maglumatlarymyz çagalar bilen işlemegi hiç hili ýörite bilimi talap etmeýän iş hasaplaýanlaryň garaýyşlaryny bütinleý ýalana çykarýar. Ýörite taýýarlykly pedagog çaganyň psihologiýasyny bilýär we olar bilen dil tapyşmagy başarýar. Eger-de çaga özüniň iň möhüm ýyllaryny telewizoryň öňünde ýa-da hünärmen däl enekeler bilen „ýuwaşja otur, päsgel berme“ diýilýän režimde geçirse, ol birinji synpa ne okuw taýdan, ne-de emosional taýdan taýýar bolup gelýär» — diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Çarlz Bleýker düşündirdi. Şeýle-de bolsa, alymlar çagalaryň taýýarlygy bilen diňe ýöriteleşdirilen döwlet ulgamy meşgullanmaly diýip pikir etmeýär. Olar netije berýän terbiçelik usullaryny hususy çagalar baglarynda hem ornaşdyrmagy teklip edýärler. Ene-atalara çagalar bagyny saýlanynda ol ýerde nähili işgärleriň işleýänine, işgärleriň ýygy-ýygydan üýtgäp durşuna, beýleki maşgalalaryň seslenmelerine we oňa gatnap başlan çagalaryň garaýşyna üns bermegi maslahat berýärler. Körpeler gatnaýan çagalar bagynda özüni oňaýly duýmaýan duýsa, ony başga ýere geçirmegi maslahat berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir