Şweýsariýanyň Brünig daglygynda iňňän baý adamlara niýetlenen dagasty ammar gurulýar. Ol ýerde müşderiler iň gymmatly zatlaryny, şol sanda altyn-kümüşini, sungat eserlerini, gymmat bahaly çakyrlaryny, hatda del awtomobil kolleksiýalaryny-da saklap bilerler. Taslama Brünig Mega Safe diýlip at berildi. Ol Lýusern şäherinden 40 kilometr günorta tarapda, Obwalden kantonynyň Lungern sebitinde amala aşyrylýar. Şweýsariýanyň SRF teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, gurluşyk resmi taýdan 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda başlandy. Ilkinji kawernalary (emeli gowaklary) takmynan iki ýyldan taýýar etmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda dagyň içinde birinji müşderä niýetlenen emeli gowagyň gurluşygy başlandy. Otaglaryň meýdany sargyt edijiniň islegine görä onlarça, gerek bolsa ýüzlerçe inedördül metre çenli ýetirilip, enjamlaşdyrylar. Şeýle emeli gowaklaryň jemi 20–25 töweregini gurmak meýilleşdirilýär. Müşderiler bu ýerde, takmynan, 20 awtomobil ýa-da 100 müň çüýşä çenli çakyr saklap biler. Şol bir wagtda, ammarda käbir zatlary, meselem, neşe serişdelerini ýa-da partlaýjy maddalary ýerleşdirmek gadagan ediler. ​Elbetde, bu gowaklaryň bahalary adaty ammarlaryň nyrhy bilen deňär ýaly däl. SRF-iň maglumatyna görä, meýdany, takmynan, 20 inedördül metr bolan gowak 500 müňden gowrak şweýsar frankyna (615 müň dollara) düşýär. Has giň otaglar bolsa ondanam gymmat bolar. Şweýsariýada dagasty seýflere bolan gyzyklanma howpsuzlyk bilen baglydyr. Baý adamlar öz emläklerini dürli ýerlerde saklamak isleýärler. Bu ýurtda bolsa ozalky harby desgalar we bunkerler kän, olaryň köpüsi-de täjirçiliki maksatlary bilen täzeden enjamlaşdyrylýar. ​Ýöne Brünig Mega Safe harby infrastruktura bilen baglanyşykly desga däl. Bu hususy taraplar we kompaniýalar üçin täjirçilik taslamasydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir