Parižde geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça Ýewropa çempionatynda 19 ýaşly italiýaly Sara Kýortis arkanlygyna 50 metre ýüzmekde bir gije-gündiziň dowamynda iki gezek dünýä rekordyny täzeledi. Ilki bilen ýarym final ýüzüşinde Kýortis aralygy 26,63 sekuntda geçip, awstraliýaly Keýli Makkiounyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda goýan rekordyny (26,86) täzeledi. Ýöne eýýäm doly bir gün geçmänkä finalda italiýaly türgen öz rekordyny döwüp, 26,56 sekunt netije bilen altyn medal gazandy. Finalda ikinji orny 27,06 sekunt netije bilen Fransiýanyň wekili Meri-Amre Moluh eýeledi, bürünç medaly bolsa beýik britaniýaly Loren Koks (27,15) aldy. Kýortis gysga suwda 4x50 metr aralyga garyşyk estafetada erkin usulda ýüzmek boýunça 2024-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Mundan öň ol Parižde 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde bürünç medal gazandy. Ýewropa çempionaty Fransiýanyň paýtagtynda 16-njy awgusta çenli dowam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir