Meta kompaniýasynyň Instagram sosial tory öz wordmarkyny — goşundynyň ýokarky böleginde görkezilýän adynyň tekst şekilini täzeledi. Soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji üýtgeşme barada hyzmatyň ýolbaşçysy Adam Mosseri habar berdi. Ol tekstiň täze görnüşiniň öňki nusga çalymdaşlygy saklamak bilen, has «arassa we döwrebap» bolandygyny belledi. Täzenen logotipde Instagram kursiw görnüşinden ýüz öwrüp, «döwlen» şrifte ýakyn bolan ýazgyny saýlap aldy. Ýagny, harplar göni, sada we kertiksiz görnüşe geçirildi, diňe «g» we «r» harplarynda sähel tapawutlar saklanyp galdy. Hut «r» harpynyň üýtgeşik görnüşi ulanyjylaryň arasynda uly seslenme döretdi. Mosseriniň postunyň aşagyndaky teswirlerde täze adyň Instagram däl-de, «Instagzam» diýlip okalýandygy barada degişmeler peýda boldy. Käbir tankytçylar okamagyň kynlaşandygyny belledi, beýlekiler bolsa logotipiň has rahat we döwrebap görnüşini öwdi. Belläp geçsek, 2025-nji ýylyň güýzünde sosial toruň auditoriýasy aýda 3 milliard adamdan geçipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir