Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary bu baýram mynasybetli äpet haly taýýarlaýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Kärhananyň önümhanasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Patma Amanjaýewanyň habar bermegine görä, Garaşsyzlyk baýramyna sowgat hökmünde ak düşekli, guşly gölli äpet haly dokalýar. Ini 23 metr, boýy 12 metr bolan (ölçegi 35 ýyllyga bagyşlanan bolsa gerek) bu äpet halynyň umumy meýdany 276 inedördül metre deň. Ony jemi iki çalşygyň dowamynda 84 halyçy dokaýar. Halyçylar bu uly zähmet sowgadyny awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlap tabşyrmagy meýilleşdirýär. Ýeri gelende bellesek, Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan nepis halylar we haly önümleri içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Şu ýylyň 7 aýynyň jemi boýunça kärhanada 1677 inedördül metrden gowrak dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleri dokalyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda halyçylar gadymy nusgalary dikeltmekde we olara döwrebap öwüşginleri, täze nagyşlary hem-de gölleri bermekde netijeli iş alyp barýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir