20 ýylyň içinde Hytaý dünýäniň gaýtadan işleýiş senagatyndaky önümçilik paýyny ep-esli artdyrdy — 2005-nji ýyldaky 9%-den 2025-nji ýylda 27%-e çenli ýetirdi. Netijede, bu ýurt dünýäniň iň uly önümçilik ykdysadyýetine öwrüldi hem-de ABŞ-dan we Ýewropa Bileleşiginden 10 göterim öňe geçmegi başardy. Visual Capitalist seljeriş portalynyň täze infografikasy soňky ýigrimi ýylyň dowamynda, ýagny 2005-2025-nji ýyllar aralygynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň global senagat önümçiligindäki paýlarynyň näderejede üýtgändigini görkezýär. Hasaplamalar ABŞ-nyň Ykdysady sejeriş býurosynyň we Bütindünýä bankynyň beren maglumatlaryna esaslanýar. Ýurtlaryň paýlary häzirki dollar nyrhy boýunça gaýtadan işleýiş senagatyň goşulan bahasyna görä kesgitlenildi. 2005-nji ýylda gaýtadan işleýän senagatda dünýäde öňdebaryjylygy Ýewropa Bileleşigi saklaýardy, sebäbi goşulan bahanyň 24%-i onuň paýyna düşýärdi. Şunda Germaniýanyň ýeke özi 7%-den gowragyny üpjün edýärdi. Ol wagtlar ABŞ önümçiliginiň gerimi babatda ÝB-den çala yza galýardy. Ýaponiýanyň paýy bolsa takmynan 13% barabardy. Hytaýyň paýyna 9%, Günorta Koreýa 3% düşýärdi, Hindistan, Meksika we Russiýa bolsa takmynan 2% töweregi önümçilik güýjüni amala aşyrýardy. Hytaýyň ykdysadyýetiniň liberallaşdyrylmagy we ýurduň 2001-nji ýylda Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy onuň senagatynyň ösüşini has tizleşdirdi. Ýurtdaky köp sanly hem arzan işçi güýji, sebitara salgyt ýeňillikleri hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy Hytaýa transmilli korporasiýalary özüne çekmäge we önümçiligi çalt giňeltmäge kömek etdi. Eýýäm 2015-nji ýyla çenli Hytaý dünýäniň goşulan bahasyndaky paýy boýunça iň uly önümçilik ykdysadyýetine öwrülmegi başardy. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň, ÝB-niň we Ýaponiýanyň umumy paýy ep-esli azaldy. 2005-nji ýylda dünýäniň gaýtadan işleýiş senagatynyň goşulan bahasyndan olaryň paýyna 59% düşen bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 39% çenli peseldi. Şeýle-de bolsa, paýyň azalmagy bu ykdysadyýetleriň önümçiliginiň hakyky göwrümleriniň kemelendigini aňlatmaýar. Göz öňünde tutulýan döwürde Hindistanyň paýy 2%-den 3%-e çenli ýokary galdy. Meksikanyň, Russiýanyň we Günorta Koreýanyň görkezijileri bolsa durnuklylygyny saklap gelýär.