Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda ýörite mekdep ýarmarkasy açylar. Sergi 19-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda geçiriler. Mekdep ýarmarkasynda ata-eneler çagalary bilen bilelikde täze okuw ýyly üçin harytlary saýlap biler. Meýdançada mekdep lybaslary, torbalar, aýakgaplar, kanselýariýa we okuw esbaplary, döredijilik serişdeleri we beýleki harytlar hödürlener. Mundan başga-da, ýarmarkanyň myhmanlaryna göwün açyjy maksatnama, şol sanda edebi okaýyşlar, wiktorinalar, öwrediji oýunlar, küşt ýaryşy, ussatlyk sapaklary, şeýle hem çagalary robototehnika we täze tehnologiýalar bilen tanyşdyrjak meýdançalar garaşýar. Ozal çäräniň iş maksatnamasyna Russiýanyň «Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň wekilleriniň gatnaşjakdygy hem belli boldy. Studiýanyň wekilleri Türkmenistanyň işewürlik, bilim edaralarynyň we degişli guramalarynyň wekilleri hem-de geljekde hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýänler bilen duşuşyklary geçirer. Animasiýa we çagalar kontenti ulgamynda hyzmatdaşlyk, ygtyýarnamaly taslamalar, Türkmenistanda «Soýuzmultfilm» brendlerini ilerletmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligi üns merkezinde bolar. Şeýle hem taraplar bilim we göwün açyjy-dynç alyş ulgamynda özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşyp biler. «Soýuzmultfilm» ýaňy-ýakynda özüniň 90 ýyllygyny belledi. Studiýa 1936-njy ýylyň 10-njy iýunynda döredildi we seriallary, doly hem-de gysga metražly animasiýa filmlerini öndürýär. Mundan ötri, kompaniýa «Multilandiýa» we «Umka» telekanallaryny, ygtyýarnama agentligini we multimediýa meýdançalaryny ösdürýär. KIDS EXPO 2026 çäresiniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy çykyş edýär.