Çehiýadaky kiçi gidroelektrostansiýalaryň takmynan 90%-i işini togtatdy. Muňa aşa yssy howa we onuň yzy bilen derýalarda hem-de beýleki suw howdanlarynda suwuň derejesiniň peselmegi sebäp boldy diýip, Idnes portaly habar berýär. Häzir esasan iri suw ambarlaryndaky stansiýalar işlemegini dowam etdirýär. Ol ýerde gidrotehniki ulgamlaryň kömegi bilen zerur bolan suw derejesini saklap bolýar. Çehiýada umumy kuwwaty 340 MWT bolan 1,4 müň töweregi kiçi GES bar. Adaty şertlerde olar ýylda 1,1 milliard kWt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürýär. "Temelin" we "Dukowany" atom elektrik stansiýalary hem durnukly işleýär. Olaryň sowadyş ulgamlary derýalardaky suwuň derejesine we häzirki howa şertlerine gönümel bagly däl. Kiçi GES-leriň köpüsiniň işiniň saklanmagyna garamazdan, Çehiýada sarp edijiler üçin elektrik üpjünçiliginde bökdençlikler hasaba alynmady.