BMW South Africa kompaniýasy kompaniýasy X3 eýelerine krossoweriň asfaltdan ýollardan çykanynda nämelere ukyplydygyny görkezmek üçin, ýolsuz ýerlerde sürmegi öwredýän täze okuw kursuna başlady. Sapaklar Ýohannesburgyň golaýyndaky Midrand şäherçesinde ýerleşýän xDrive Park poligonynda geçirilýär. Bu başlangyç BMW M Driving Experience maksatnamasynyň bir bölegi bolup, onuň dowamlylygy ýarym günden uzaga çekenok. Okuwa gelýänlere dik ýokary galyp-düşmegi, suw päsgelçiliklerini we gapdal ýapgytlary ýeňip geçmegi, şeýle hem uly eňňitli ýerlerde asma ulgamynyň işini barlamagy öwredýärler. Okuw wagtynda ulag eýelerine dört tigrem herekete getirýän xDrive ulgamyny, durnuklylygyň dinamiki gözegçilik ulgamyny (DSC) we Hill Descent Control ulgamyny ulanmagy öwredýärler. Şeýle hem okuw kyn ýagdaýlarda awtoulagy ewakuasiýa etmegiň esaslaryny öz içine alýar. Topara on sürüji gatnaşyp bilýär. Okuwyň bahasy takmynan 306 dollar. BMW South Africa üçin X3 modeliniň aýratyn ähmiýeti bar. G45 indeksi bolan awtoulagyň täze nesli Rosslin zawodyndaky kärhanada öndürilýär. Ýagny, sapaklarda üçin ulanylýan awtoulag poligonyň golaýjygynda ýygnalýar. BMW awtomobilleri öňden bäri synaglardan geçirýär. Mysal üçin, 2000-nji ýylda ilkinji X5 nesli Marokkodaky Atlas dagyna ugradylypdy. Soňra şeýle saparlar Keniýada, Namibiýada we Botswanada geçirilipdi. Indi bolsa täze X3 bu däbi guramaçylykly okuw görnüşinde dowam etdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir