2027-nji ýylda futbol boýunça Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunlar Stambulda geçiriler. Bu barada Patyşalyk ispan futbol federasiýasynyň (RFEF) metbugat gullugy habar berdi. Kubok ugrunda «Barselona», Madridiň «Realy» we «Atletiko» klublary, şeýle hem «Real Sosýedad» bäsleşer. Ýaryşyň duşuşyklary 2-nji we 7-nji fewral aralygynda, takmynan, 75 müň tomaşaçyny kabul edip bilýän «Atatürk Olimpiat» stadionynda geçiriler. Superkubogyň soňky iki möwsümde ýeňijisi «Barselona» boldy. Geçen möwsümde kataloniýaly topar ýaryşyň ýarym finalynda Bilbaonyň «Atletik» klubuny 5:0 hasaby bilen utdy, finalda bolsa Madridiň «Real» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.