Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. «Bu şanly baýram halkyňyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň aýdyň beýany bolup, şol bir wagtyň özünde, halkyň geljegini özbaşdak kesgitlemäge bolan ymtylyşynyň nyşanydyr" — diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň we Pakistanyň köp ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Asif Ali Zardarä hem-de Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Pakistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Pakistan Yslam Respublikasy 1947-nji ýylyň 14-nji awgustynda Beýik Britaniýanyň baknalygyndan çykyp, özbaşdak we garaşsyz döwlet boldy. Bu şanly günde ýurduň paýtagty Yslamabatda we beýleki şäherlerinde dabaraly harby ýörişler, Parlamentiň binasynyň üstüne milli baýdagy galdyrmak çäreleri geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir