Meşhur wizažist Pet Makgrat bilen Louis Vuitton-yň zenanlar kolleksiýalarynyň döredijilik müdiri Nikolýa Žeskýer bilelikde döreden bezeg kosmetikasynyň ilkinji toplumyny hödürlär. Oňa 55 öwüşgindäki pomadalar, dodak üçin 10 sany reňk beriji balzam we göz üçin boýag paletkasynyň 8 toplumy girer. Pomadanyň öwüşgin sany tötänden saýlanmady. Louis Vuitton markasynyň „LV“ belligi rim sifrlerindäki numerologiýada 55-lik sana gabat gelýär. ​Makgrat üçin bu modalar öýi bilen ilkinji hyzmatdaşlyk däl. Wizažist Louis Vuitton-yň görkezişlerinde modelleriň makiýažyny birnäçe gezek öz boýnuna alypdy, şeýle hem brend üçin dodak galamlaryny döredipdi. Toplum Louis Vuitton saýtynda 20-nji awgustda peýda bolar. Adaty dükanlarda bolsa 27-nji awgustdan başlap satlyga çykar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir