Hytaýly alymlar kosmosy özleşdirmegiň giň göwrümli meýilnamasyny hödürlediler: olar geljekki Halkara Aý barlag stansiýasyna dört aýakly robotlary ibermegi meýilleşdirýärler. Bu başlangyjyň jikme-jik beýany Chinese Space Science and Technology ylmy žurnalynda çap edildi. Robot-itleriň Aýda ýöreýän adaty tigirli tehnikalardan esasy artykmaçlygy, olaryň nätekiz ýerlerden emgenmän geçýändigidir. Ýeriň hemrasynyň üsti daşlar, kraterler we büdür-südür toprak bilen örtülensoň, tigirli tehnikanyň süýşmegi örän kyn bolýar, ýöreýän robotlar bolsa beýle päsgelçilikleri aňsatlyk bilen geçip bilýärler. Kosmos robot-itleriniň ýerine ýetirmeli işleri örän köp bolar. Ilki bilen, olar gözleg we barlag işlerine çekiler, degişli çägi gözegçilikde saklap, ýerli şertleri öwrenip, toprak we daş nusgalaryny alarlar hem-de alymlara synaglary geçirmäge kömek ederler. Iş meýilnamalarynyň birinde üç robot bilen üç astronawtyň bilelikde egni-egne berip diýen ýaly işlemelidigi göz öňünde tutulýar. Ikinjiden, robot-itler gurluşykçynyň we magdançynyň hyzmatyny-da öz üstüne alarlar. Olary suw buzuny hem-de gymmatly minerallary gözlemekde, agyr ýükleri daşamakda we ýerli Aý materiallaryndan ilkinji binalary gurmakda ulanmak meýilleşdirilýär. Üçünjiden, dört aýakly kömekçileriň Aý bazasynyň içinde hem peýdasy deger. Robotlar enjamlaryň sazlaşykly işleýşine gözegçilik edip, temperaturany we howanyň düzümini dolandyrarlar, otaglary arassalarlar, gülhanalardaky ösümlikleri suwararlar we hatda nahar bişirmäge-de kömek ederler. Kosmonawtlara enjamlar bilen aragatnaşyk saklamak aňsat bolar ýaly, robotlara sesli interfeýsler ornaşdyrylar. Işläp düzüjiler şeýle «öý haýwanlarynyň» ekipažda uzak wagtlyk uçuşlaryň dowamynda ýeke galmak we ruhy dartgynlylyk zerarly döreýän ýakymsyz ýagdaýlary ýeňmäge kömek etjekdigine-de bil baglaýarlar. Şeýle-de bolsa, olary ibermezden öň inženerler çylşyrymly tehniki meseleleri çözmeli bolarlar. Aýda düýbünden başgaça ýagtylandyryş, gurluş we adatdan daşary temperatura tapawutlary bar. Şol sebäpli adaty ýer gatnawy we maşyn görüş ulgamlary ol ýerde işläp bilmez. Mundan başga-da, dört aýakly gözlegçiler üçin aýratyn Aý aragatnaşyk we giňişlikde ugur alyş ulgamyny döretmek zerur bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir