Ford Las-Wegasdaky dilerler üçin ýapyk duşuşyk geçirip, ilkinji gezek Mustang modeliniň täze dört gapyly prototipini görkezdi. Deslapky maglumatlara görä, tapgyrlaýyn çykjak model «Mach 4» adyny alar, onuň önümçiligine 2028-nji ýylyň ahyryna çenli başlamak meýilleşdirilýär. Tanyşdyrylyşa gatnaşanlar täze modeli Porsche Panamera bilen deňeşdirdi. Olaryň aýtmagyna görä, awtomobil kupeniň uzaldylan görnüşi ýaly däl-de, sazlaşykly işlenen hakyky sport sedan ýa-da gran-turer ýaly görünýär. Şol bir wagtyň özünde, dizaýnerler Mustang-a mahsus bolan aýratynlyklary — uzyn kapoty, yzky bamper bilen akgynly birleşýän üçegi we giň yzky bölegi saklap galdy. Awtomobil ikinji hatar oturgyçlaryny alar. Yzda oturýanlar üçin aýak goýulýan ýer Porsche Panamera modelindäkiden has giň bolar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary awtomobiliň sagatda 100 km tizlige ýetmegi üçin dört sekuntdan hem az wagtyň gerekdigini aýdýar. Awtomobiliň bahasy 40 müň dollardan arzan bolar. Täze model üçin esas hökmünde häzirki Mustang-daky S650 platformasynyň uzaldylan görnüşi ulanylyp bilner. Hereketlendiriji hataryna, ähtimal, turbinaly 2,3 litrlik dört silindrli EcoBoost we 5 litrlik V8 Coyote atmosfera hereketlendirijisi girer. V8 hereketlendirijisini «mehanika» bilenem sargap bolar. Ford häzirlikçe ulagyň resmi tanyşdyrylyşynyň haçan geçiriljegini anyk aýdanok. Satuwyň 2029-njy ýylda başlanmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir