Hytaýyň Guýlin şäheriniň ýaşaýjysy Ýan Ýanzýa başaşak asylgy halda birwagtda 33 sany halkany aýlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu geň hokgasy barada UPI habar berýär Ýigidi sport gurluşynda başaşak berkitdiler, soňra iki sany kömekçisi oňa 33 halkany geýdirdi. Ýan bellenen wagtyň dowamynda olaryň baryny birlikde aýlamagy başardy. Onuň görkezijisi ozalky rekorddan 10 halka artyk boldy. Aslynda Ýan sekiz ýyl öň hulahup (halka) aýlap başlanynda bu pişä rekord üçin baş goşmandy. 2018-nji ýylda onuň artykmaç agramy sebäpli bagryny ýag alandygy anyklanyldy. Lukman oňa horlanmagy maslahat berdi. Şondan soňra Ýan iki kilogramlyk halka satyn alyp, yzygiderli türgenleşmäge başlady. Şeýdip ol bir aýyň dowamynda 80 kilogramdan 63 kilograma çenli horlandy. Üstesine Ýan berhiz tutandygyny-da belläp geçýär. Indi rekordçynyň özüni ýene bir adaty bolmadyk synagda barlap görmek niýeti bar. Ol halkalary turnikde ýokary çekilip duran ýerinden aýlamagy maksat edindi.