Hytaýda magnit otlusynyň prototipi bary-ýogy 5,3 sekundyň içinde sagatda 800 km tizlige ýetdi. Synaglar Hubeý welaýatyndaky bir kilometrlik ýörite ýolda geçirildi diýip, CGTN habar berýär. ​Agramy 1110 kg bolan synag enjamy soňky alty aýyň içinde gysga aralykda magnit otlusynyň tizlenmegi boýunça eýýäm üçünji dünýä rekordyny goýdy. Netijede synaglar ýokary tizligiň dolandyrylýan tormozlanma päsgel bermeýändigini görkezdi. Şol tizlige ýeteninden soň otly 200 metre ýetmän saklanmagy başardy. ​Barlag geçýän wagtynda hünärmenler bir wagtda birnäçe tehnologiýany — geçiş reźimlerinde uly kuwwatlylykdaky energiýanyň geçirilmegini, elektromagnit dartuw güýjüni, ýokary tizlikde lewitasiýanyň dolandyrylyşyny, takyk ýerleşişi we adatdan daşary tormozlamany barlagdan geçirdiler. ​Adaty otlulardan tapawutlylykda, magnit otlusynda tigir bolmaýar. Ol magnit lewitasiýasynyň hasabyna hereket edýär, elektromagnit tolkuny bolsa enjamy öňe itekleýär. ​Synaglar üçin örän dürs tekizlenen ýol guruldy, onda gyşarma 0,5 millimetrden geçmeýär. Öndürijiler şeýle tehnologiýalaryň diňe bir demir ýol ulagynda däl, eýsem raketalarda we söweş uçarlarynda hem ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. ​Şol bir wagtyň özünde, maglewiň köpçülikleýin ýaýramagy häzirlikçe tehniki we ykdysady çäklendirmelere duş gelýär. Onuň başynda duran esasy meseleleriň biri — aýratyn infrastruktura bolan zerurlykdyr. Häzirki wagtda magnit elementlerini adaty demir ýoluň relsleriniň arasynda ýa-da gös-göni ýol örtüginiň astynda ýerleşdirmek mümkinçilikleri öwrenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir