Gazagystanda 10-15-nji awgust aralygynda pes dozaly kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen öýken rak keseliniň mugt skrining barlagy geçirilýär. Keseli irki tapgyrda аnyklаmak çäresi ýurduň ähli sebitleriniň saglyk öýlerinde guramaçylykly ýola goýuldy diýip, 24KZ habar berýär. Barlag, ilkinji nobatda, 50 ýaşdan geçen, uzak wagtlap çilim çeken adamlara, şeýle hem zyýanly önümçiliklerde işleýän işgärlere niýetlenendir. Häzirki tapgyr tamamlanandan soň, bu maksatnamany synag taslamasynyň çäginde Karaganda, Gündogar Gazagystan, Žambyl we Ulytau welaýatlarynda durnukly esasda girizmek meýilleşdirilýär. Şöhleli barlag usuly 10–15 sekunt alýar, ýörite taýýarlygy talap etmeýär we kontrast maddasyz geçirilýär. Alnan suratlary Gazak onkologiýa we radiologiýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri goşmaça gözden geçirýärler. Netijeleri düşündirmekde emeli aň tehnologiýasy hem ulanylýar. «Kompýuter tomografiýasy hem-de millimetrlik kesikler bize 2–3 millimetrlik ölçegli öýken düwünçeklerini-de görmäge mümkinçilik berýär. Bu örän irki anyklaýyş bolup, onkologiýa kesellerden, şol sanda öýken ragy sebäpli ölümi azaltmaga şert döredýär» diýip, Gazak onkologiýa we radiologiýa YBI-niň Radiologiýa we ýadro lukmançylygy bölüminiň müdiri Žandos Amankulow аýtdy. Gazagystanda her ýyl 3800-den gowrak adamda öýken ragy (bronhogen karsinomasy) ýüze çykarylýar. Şol bir döwrüň içinde 2 müň töweregi näsag aradan çykýar. Köpler lukmançylyk kömegine eýýäm keseliň üçünji ýa-da dördünji, ýagny soňky tapgyrynda ýüz tutýarlar.