Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan 30 müň orunlyk täze metjit resmi taýdan «Arkadagyň Ruhy metjidi» diýlip atlandyryldy. Bu baradaky çözgüt raýatlaryň haýyşlary göz öňünde tutulyp kabul edildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alyndy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bu habary Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda din wekili Ý.Hojagulyýew ýetirdi. Ol «Arkadagyň Ruhy metjidi» dini guramasynyň Tertipnamasynyň degişli derejede resmileşdirilendigini hem aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu çözgüt üçin sagbolsun aýtdy we özüne bildirilen ynam üçin türkmen halkyna minnetdarlygyny bildirdi. Ol metjitde amal bolýan haýyr işleriň we edilýän doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Metjidiň ýanynda medrese hem gurulýar. Hojagulyýew oňa ýokary okuw mekdebiniň derejesini bermegi teklip edip, bu ädimiň ýaşlaryň bilim almagyny degişli derejede guramaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibi goldap, şeýle ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň dürli ýurtlarynda hereket edýändigini belledi. Ol medresäniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge üns bermegi we sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almagy tabşyrdy. Şeýle hem dersleriň ugruny kesgitlemek we degişli maksatnamalary taýýarlamak teklip edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleri Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň we olar bilen sazlaşykly tagalla etmegiň zerurdygyny belledi. Maslahatyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowa täze metjidiň ady baradaky güwanamanyň gowşurylmagy mynasybetli «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermegi teklip etdi. Bu teklibi makullap, türkmen halkynyň Milli Lideri toý sadakasynyň anna gününde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Toý sadakasynda ediljek ýagşy arzuwlar juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşar. Bu ýurtda haýyr işleri amala aşyrmaga gönükdirilen tagallalaryň giň möçberli häsiýete eýedigini görkezer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir