Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen iş maslahatynda ýerli futbol toparynyň gazanan üstünligi maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol kluby saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyny utup, AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma gazandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow toparyň döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, abraýly yklym ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başarandygyny habar berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda futboly ösdürmek we üstünlikleri gazanmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Ol «Arkadag» toparynyň futbolçylarynyň ýokary netijeleri gazanmagy dowam etdirjekdigine we halkara meýdançasynda türkmen tuguny belentde parlatjakdygyna ynam bildirdi. D.Orazowa toparyň futbolçylary bilen duşuşmak we olaryň «armasyny» ýetirmek tabşyryldy. Ýatlap geçsek, «Arkadag» Türkmenistanyň üç gezek çempiony we AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisidir. Geçen möwsümde topar AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalyna çykyp, bu ýerde umumy 0:2 hasaby bilen Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän «Al-Nasr» (Saud Arabystany) toparyndan utulypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir