Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen täze mekdep gurlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa jemgyýetçilik desgalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak meýilnamalary barada maglumat berdi. Olaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurluşygy alnyp barylýan daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdep, çagalar bagy we sport toplumy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze mekdebiň şekil taslamalary bilen tanyşdy we olaryň birini saýlady. Gurbanguly Berdimuhamedow binany ýokary derejede enjamlaşdyrmagyň zerurdygyny, lingafon we beýleki okuw otaglarynyň bolsa halkara görkezijilerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we häzirkizaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek möhümdir. Okuwçylary okuwa kabul etmegiň düzgünlerine, olaryň ýaş aýratynlyklaryna we okuw maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak hem meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ata-eneler üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidiginiň hem zerurdygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow mekdebiň haýatynyň daşky görnüşine, reňk sazlaşygyna we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem mekdebiň maliýe serişdeleri dolandyrylanda, okuwçylary kabul etmegiň düzgünlerinde we okuw maksatnamasy taýýarlanylanda häzirkizaman talaplaryndan ugur almalydygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir