Brýussel şäherinde Benilýuks Bileleşiginiň (Belgiýa, Niderlandlar, Lýuksemburg) Baş sekretariatynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow bilen Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary hanym Ariadna Petridisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşykda Türkmenistanyň Benilýuks ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda ilçi diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak meselesinde Benilýuks ýurtlary bilen bilelikde iş alyp barmak mümkinçiligine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu ädim resmi gatnaşyklary ýeňilleşdirmäge we ýokary derejedäki saparlary guramaga ýardam eder. Ariadna Petridis Baş sekretariatyň ygtyýarlyklarynyň çäginde bu ugurda gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi. Şeýle hem taraplar sebit hyzmatdaşlygy we institusional gatnaşyklar boýunça Merkezi Aziýa döwletleri bilen Benilýuks Bileleşiginiň arasynda tejribe alyşmak meselesine üns berdi. Döwletleriň arasynda utgaşdyrmak işleri, durnukly sebit mehanizmlerini işläp düzmek we dürli ugurlarda bilelikdäki çemeleşmeleri taýýarlamak babatda Benilýuksyň köpýyllyk tejribesini paýlaşmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ilçi 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki Peelbergen atçylyk sport merkezinde geçiriljek halkara atçylyk çäresine taýýarlyk barada habar berip, Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretariatynyň wekillerini bu çärä çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir