19-20-nji awgustda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda ilkinji gezek «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy geçiriler. Ýaryş «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde guralar diýip, «TurkmenExpo» habar berýär. Rapid we blis görnüşlerinde FIDE-niň düzgünleri boýunça geçiriljek ýaryşa 15-den gowrak ýurtdan U8, U10 we U12 ýaş toparlaryndaky küştçüler gatnaşar. Olar Türkmenistana, Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana, Eýrana we beýleki ýurtlara wekilçilik eder. Şeýle hem çärä halkara we milli federasiýalaryň wekilleri, grossmeýsterler hem-de dürli ýurtlardan çempionlar gatnaşar. Serginiň çäklerinde erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, tanyşdyryşlar, bäsleşikler we tälimçiler üçin duşuşyklar guralar. Bu iri halkara çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy, Türk küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň Freedom Asian Chess Initiatives maksatnamasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we «TurkmenExpo» tarapyndan guralýar.