Tehnologiýa pudagynyň iri telekeçileriniň arasynda soňky döwürde goşmaça raýatlyk almak we «pasport ýygnamak» ýoň boldy. Air Mail neşiriniň ýazmagyna görä, beýle çemeleşme tüçjar adamlara has arkaýyn hereket etmäge we syýasy ýa salgyt bilen bagly üýtgeşmeler ýüze çykanda ätiýaçly bolmaga mümkinçilik berýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde Telegram-y döreden Pawel Durow görkezilýär. Onda Russiýa, Fransiýa, BAE, Sent-Kits we Newis döwletiniň raýatlygy bar. Şol bir wagtyň özünde, baýlygy $17 milliarddan gowrak bolan telekeçi belli bir ýurda bagly bolmazlyk üçin hiç ýerde gozgalmaýan emläk satyn almaýar. Maýadar, PayPal-y esaslandyryjylarynyň biri Piter Til üç ýurduň (Germaniýa, ABŞ we Täze Zelandiýa) raýatydyr, häzir bolsa Maltada dördünji raýatlygy resmileşdirýär. Ilon Mask hem üç ýurduň raýatydyr. Ol Günorta Afrikada doguldy, soň Kanadanyň raýatlygyny aldy, ahyrsoňunda-da ABŞ-da ornaşdy. OpenAI-yň baştutany Sem Altman bolsa Indoneziýanyň «altyn wizasyny» alan ilkinji adam boldy. Nomad Capitalist kompaniýasynyň maglumatyna görä, goşmaça resminamalara bolan isleg pandemiýadan soň, şeýle-de söwda we syýasy durnuksyzlyk sebäpli has-da artdy. Bir ýylyň içinde baý amerikanlar tarapyndan şeýle ýüztutmalaryň sany 183% köpeldi.