Gazagystana girmek üçin elektron rugsatnama ähli daşary ýurtly raýatlar, şol sanda aýratyn ýeňillikden peýdalanýan Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlaryndan gelýänler üçin hökmany bolar. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär. «Rugsatnamany girişden öň 72 sagatdan gijä galman «QazETA» goşundysy arkaly resmileşdirmeli. Rugsatnama 180 günüň dowamynda güýjüni saklar» — diýip, «Sputnik Gazagystan» habar berýär. Häzirki wagtda Gazagystana girmegiň kadalaryny düzgünleşdirýän hökümet karary döwlet edaralary bilen ylalaşylýar. Elektron rugsatnamany resmileşdirmek ilkibaşda mugt bolar, ýöne geljekde onuň üçin töleg girizmek meýilleşdirilýär. Elektron rugsatnama tapgyrlaýyn ornaşdyrylar: 1-nji sentýabrdan, 1-nji fewraldan we 1-nji iýuldan başlap, yzygiderli tertipde iri aeroportlarda, soň awtomobil we demirýol gözegçilik-geçiriş nokatlarynda güýje girer. Ministrligiň maglumatlaryna görä, rugsatnamanyň tapgyrlaýyn girizilmegi käbir geçiriş nokatlarynda internet torunyň elýeter däldigi bilen hem baglanyşyklydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir