11-nji awgustda Tähranda (Eýran) Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Çärä Eýranyň wise-prezidenti we Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka döwletleriniň ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdy. Türkmenistanyň ilçisi maslahatda çykyş edip, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň daşary syýasatynda möhüm orun tutýandygyny belledi. Türkmenistanyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Hazarýaka döwletleriň arasynda, şol sanda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň tarapdarydygy aýratyn bellenildi. Hazaryň ekologiýa meseleleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň öňde duran duşuşygyna aýratyn üns berildi. Ony 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar sebitde ekologiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş meselelerini maslahatlaşmak üçin bu duşuşygyň ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi maslahatyň möhüm meseleleriň biri boldy. Gatnaşyjylar gidrologik we ekologiýa maglumatlaryny has işjeň paýlaşmagy, bilelikdäki gözegçiligi we deňziň saýlaşmagynyň sebäplerini öwrenmegi güýçlendirmegi, şeýle hem uýgunlaşma çärelerini bilelikde işläp düzmegi teklip etdi. Maslahatyň dowamynda Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatyny (COP7) Tähran şäheriniň kabul etmekçidigi nygtaldy. Çäräniň ahyrynda Awazada halkara duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirildi. Hazar deňziniň güni 12-nji awgustda bellenilýär. Bu sene 2006-njy ýylyň şol güni Tähran konwensiýasynyň — Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi bilen baglanyşykly.