Ekskawator we traktor öndüriji hökmünde has gowy tanalýan JCB britan kompaniýasy wodorod bilen işleýän ulaglaryň arasynda tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Bonnewill duzly kölünde gurnalan synagda Hydromax awtoulagynyň tizligi sagatda 653,9 km ýetdi. Bu rekord eýýäm Halkara Awtoulag Federasiýasy (FIA) tarapyndan tassyklanyldy. Ruluň başyna öňki RAF söweş uçarynyň uçarmany Endi Grin geçdi. Ol gury ýerde ses päsgelçiligini ýeňip geçen Ýer ýüzündäki ýeke-täk adam hökmünde tanalýar. 11-nji awgustda geçirilen synagda Hydromax ilki 644,740 km/sag, ikinji synanyşykda bolsa 663,267 km/sag tizlige ýetdi. Iki synanyşygyň netijesi boýunça ortaça tizlik 653,909 km/sag diýlip kesgitlenildi. Mundan ozal JCB öz klasynda rekord goýupdy. Öňki synaglarda Hydromax ortaça 592,8 km/sag tizlige ýetipdi. Hydromax modeli Prodrive inženerlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Dört tigrem herekli awtoulag umumy kuwwaty 1600 at güýjüne deň bolan iki sany 4,8 litrlik turbinaly wodorod hereketlendirijisine, goşa transmissiýa we aerodinamik durnuklaşdyryjy dik ganata eýe boldy. Rekord goýmaga synanyşmazdan owal awtoulag 44 gezek synagdan geçdi. JCB-niň öňem şuňa meňzeş üstünlikleri bar. 2006-njy ýylda onuň dizel ýangyjy bilen işleýän JCB Dieselmax-y şol görnüşdäki ulaglaryň arasynda tizlik rekordyny goýupdy (563,418 km/sag). Şeýle hem kompaniýa traktorlaryň we ýükleýji ekskawatorlaryň arasynda goýlan tizlik rekordlaryna eýedir.