Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany öz hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berýändigini nygtady: «Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn». Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Nikol Paşinýana berk jan saglyk, Ermenistanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ermenistanda 7-nji iýunda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri boýunça sesleriň aglaba köplügini «Raýat ylalaşygy» partiýasy gazandy. 2-nji awgustda Nikol Paşinýan konstitusiýada göz öňünde tutulan resmi düzgüne laýyklykda premýer-ministr wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Täze parlamentiň işe başlamagy bilen Kabinet öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar, şondan soň Prezident ýeňiş gazanan partiýa tarapyndan hödürlenen dalaşgäri hökümetiň täze baştutany edip belleýär. «Raýat ylalaşygy» fraksiýasy bu wezipä ýene öz lideri Nikol Paşinýany hödürledi. Prezident Waagn Haçaturýan onuň dalaşgärligini tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir